Türkmenistanda 2 milliard dollardan gowrak awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň açylyşy geçirildi
30 Oktýabr
Türkmenistanda 2 milliard dollardan gowrak awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň açylyşy geçirildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 203 kilometr uzynlygyndaky Aşgabat-Tejen ýolunyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Aşgabat-Tejen ýoly Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji bölegidir. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" web sahypasynda habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda geçiren Hökümetiň sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginň Baş direktory M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi bilen bagly meýilleşdirilýän ulag gatnawlary barada hasabat berdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýoluň Aşgabat — Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometrdir. Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işleri ýerine ýetirildi.
Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, 1-nji hem-de 2-nji dag daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetr bolup, 3-nji hem-de 4-nji gatlara degişlilikde 20 santimetrden düşeldi, ýagny daş-çagyl düşeginiň jemi galyňlygy 1 metre barabardyr. Soňra 3 gat — 1-nji gatyna 10 sm, 2-nji gatyna 7 sm, 3-nji gatyna 5 sm galyňlykda asfalt düşeldi.

Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler) monolit köprüleriň gurluşyklary doly ýerine ýetirildi. Düri ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy. Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler guruldy. Şeýle-de ýol ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyryldy. Gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy döwrebap enjamlaşdyryldy.

Ýatlap geçsek, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda şol ýylyň 24-nji ýanwarynda gurluşygynda badalga berlipdi.

Şeýle hem