10-njy maýda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ulag we energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem söwda-ykdysady we telekommunikasiýalar ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Söhbetdeşler ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň we onuň halkara ulag ulgamyna netijeli goşulyşmagynyň geljegi barada aýdyp, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin iki döwletiň kuwwatyndan giňden peýdalanmak bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi sebitara we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisi üçin hem bu ulgamyň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.
Söhbetdeşler döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň zerurdygyny aýratyn bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin, bilelikdäki işewür forumlary guramagyň zerurdygy nygtaldy.