17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoby hem-de Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billany Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlady.
Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýändigini nygtady. Şeýle hem 30 ýylyň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň işjeň ösdürilendigini we kämilleşdirilendigini belledi.
Bular bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň biziň halklarymyzyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba hem-de XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy.