Hormatly ildeşler! 
09 Iýun
Hormatly ildeşler! 

“Türkmenawtoulaglary” agentligi logistika boýunça hünärmenleri, şeýle-de maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri işe çagyrýar.

Dalaşgärleriň degişli ugurdan ýokary bilimi we 2 ýyldan gowrak iş tejribesiniň bolmagy zerur.

Dalaşgärler özleriniň maglumatlaryny info@awotulag.gov.tm elektron salgysyna isleg bildirýän iş ornuny görkezip, ýa-da Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýy salgysy boýunça “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň edarasyna getirip bilerler.

Talaba laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlik esasynda işe alnar.

Habarlaşmak üçin +(993 12) 39-03-21; +(993 12) 39-03-09 belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Şeýle hem