2022-nji ýylyň 18-20-nji iýuly aralygynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» atly halkara maslahat geçiriler. Aşgabat şäherinde boljak bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralar.
Halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşar.
Çäräniň geçirilmeginiň maksady pandemiýadan soňky ýagdaýlarda ulag ulgamynyň meseleleriniň çözgüdini tapmak, halkara ýük daşamalarynda täze şertlere uýgunlaşmak hem-de halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, ony her ýylda geçirmek göz öňüne tutulýar.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyklylyk we ösüş» atly halkara maslahatyň sessiýalaryna we panel diskussiýalaryna BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Aziýa ösüş banky ýaly halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň, Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, bulardan başga-da oňa «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Car Deluxe» ýaly belli kompaniýalaryň; IATA (Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy), ICS (gämi gatnawlarynyň halkara palatasy), IRU (Awtomobil ulagynyň halkara bileleşigi) we beýleki halkara guramalar gatnaşarlar.
Maslahatyň üçünji gününde oňa gatnaşyjylar Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny öwrenmek, şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşy guramak ýaly çäreleri meýilleşdirýärler.