Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglandy
04 Awgust
Halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri sylaglandy

«Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türgenleri sylaglamak dabarasynyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýeňiji bolan türgenlere iberen Gutlagy okaldy. Soňra bolsa ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

Bu türgenleriň hatarynda Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda altyn medallara mynasyp bolan türgenler Medine Amanowanyň hem-de Saparly Muhyýewiň, şeýle-de Russiýa Federasiýasynda guralan «Ýüpek ýoly — 2022» halkara rallisiniň ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglaryň ýaryşynda birinji orny eýelän türkmen ekipažçylary Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýewiň barydygny bellemek gerek.

Dabarada bu türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Halkara awtoralli ýaryşynda ýokary netije görkezip çykyş eden türgenler Merdan Toýlyýew bilen Şöhrat Toýlyýewe bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Nissan Pathfinder» sport awtoulagy sowgat berildi.

Şeýle hem