Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady
11 Awgust
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady

10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine bardy we bu ýerde «Deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyş boldy. Soňra bolsa döwlet Baştutanymyz harby gämileriň dabaraly ýörişini synlady diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, harby gämileriň dabaraly ýörişinde Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler, Milli howpsuzlyk ministrlikleriniň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Onda dabaraly ýörişiň öňüni «Arkadag» atly serhet gorag kateri çekdi. Onuň yzy bilen Harby-Deňiz Güýçleriniň esasy urgy güýji bolup durýan, iň häzirki zaman ýaraglar bilen üpjün edilen hem-de garşydaşyň suwüsti we pesden düşýän howa nyşanlaryny, desant toparyny hatardan çykarmaga hem-de döwletiň deňiz serhetlerini ygtybarly goramaga niýetlenen «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri geçdiler.

Dabaraly ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna «Umman» gidrografik gämisi hem görkezildi. Şunuň bilen birlikde, Harby-Deňiz Güýçleriniň deňizde halas ediş işlerini geçirmek, ýangyna garşy göreşmek, gämileri çekmek we itmek hem-de olaryň hereketlerine goldaw bermek üçin niýetlenen gämiler we katerler, deňiz çuňlugynyň tebigy relýefini öwrenmek, gämileriň hereketi üçin deňziň çuňlugyny ölçemek hem-de suwasty maglumatlary toplamak üçin niýetlenen «Asuda» atly gidrografik gämisi, içerki suwlarda gämilere gözegçilik etmek, gorag we gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin niýetlenen katerler we beýleki maksatly gämilerdir katerler tanyş edildi.

Bu dürli kysymly gämiler, söweşjeň katerler hem-de gaýyklar Türkmenistanyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek bilen, zerur bolan harby-deňiz wezipelerini ýerine ýetirýärler.

Şeýle hem