Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek meýilleşdirilýär
30 Ýanwar
Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek baradaky gepleşikler geçen ýyldan bäri dowam edýär.

Türkmen-rus işewürlik forumynyň netijeleri boýunça bu ugurda anyk ädim ädildi. Forumyň çäginde “Türkmenistanyň Ulag-logistika” AGPJ-i bilen Russiýa Federasiýasynyň “Ýörite ykdysady zolag “Lotos” paýdarlar jemgyýeti arasynda Memoranduma gol çekildi. Memorandumyň maksady Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmekden ybarat.

Memoranduma laýyklykda, türkmen tarapy taslamany taýýarlanyndan we zerur maýa goýumlarynyň möçberi deslapdan kesgitlenenden soňra, taslamany durmuşa geçirmegiň ýol kartasy işlenip taýýarlanylar we logistika merkezini döretmek boýunça şertnama gol çekiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berilýär.

“Ýörite ykdysady zolag “Lotos” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň aýtmagyna görä, Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkeziniň peýda bolmagy Merkezi Aziýa bilen Russiýanyň arasynda ýük daşamalarynyň ösmegine möhüm itergi bolar.

Bu ýagdaý Hazar deňzine çykalgasy bolmaýan ýurtlary Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesine birikdirmäge mümkinçilik berer. Özbegistan we Gyrgyzystan bu üýtgeşmelere gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.

Şeýle hem