BÄSLEŞIK
23 Mart
BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» täze, döwrebap awtomobil ýolunyň we onuň ugrundaky desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 20-nji martyndaky sanynda habar berildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 2-nji maýyna çenli kabul edilýär.

• Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.
• Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-46-64, 44-46-77.

Şeýle hem