“Türkmenawtoulaglary” agentligi ITTC 2023 halkara forumyna gatnaşdy
05 Maý
“Türkmenawtoulaglary” agentligi ITTC 2023 halkara forumyna gatnaşdy

“Türkmenawtoulaglary” agentligi 3-4-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahata we sergä gatnaşdy. Häzirki zaman mahabat hem-de beýleki täzeçil enjamlar bilen üpjün edilen bölümlerde guralan serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Şeýlelikde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleriniň Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň döwlet sekretary bilen geçiren duşuşygynda pandemiýadan soňky döwürde ulag we logistika ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, üstaşyr ulag ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze ugurlary kesgitlenildi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda döwlet edaralarynyň, deňiz, howa we gury ýer ulaglary boýunça ýöriteleşen edaralaryň ýolbaşçylarynyň BAE-niň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we beýleki döwletleriň degişli ulag düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Olaryň dowamynda ulag we logistika ulgamyny ösdürmek boýunça tejribe alşyldy hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi.

Şeýle hem