21-nji iýunda Pekin şäherinde Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny mahabatlandyryş ýöriteleşdirilen çäresi geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi bilen dostlukly ýurduň ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Pekindäki wekilhanasynyň, Hytaýyň ulag-logistika edaralarynyňdyr kompaniýalarynyň, kommunikasiýa we ulag assosiasiýasynyň, Hytaý — ŞHG synag zolagynyň hem-de Hytaý demirýollary müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew giriş sözi bilen çykyş edip, Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşy bolan Hytaýa hem-de onuň çäklerinden köp mukdardaky ýükleri daşamaga mümkinçiligi uly ugurlara, ýagny, Günorta — Günbatar Aziýa, Gündogar — Günorta Ýewropa, Ýakyn Gündogara we beýlekilere ýurdymyzyň halkara ulag geçelgeleri arkaly daşalýan ýükleriň mukdaryny artdyrmagy ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.
Çärä gatnaşyjylara Türkmenistany, ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny we täze gurulan Arkadag şäherini mahabatlanýan wideo rolikler hem görkezildi.
Hytaý ulag-aragatnaşyk assosiasiýasynyň ýanyndaky Halkara konteýner otlularyny gurnamak işleri boýunça utgaşdyryjy merkeziniň direktorynyň orunbasary Çe Tanlai söhbetdeşligi dowam etdi. Duşuşykda, esasan, demirýol we awto ýol arkaly gatnatmalary ýola goýmak, şeýle-de, işjeňleşdirmek hem-de Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa halkara multimodal ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleri babatyndaky mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.