30-njy iýunda Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynda ulag we logistika ulgamy beýleki ulgamlar bilen bir hatarda geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Häzirki zaman ulag we logistika düzümlerini kämilleşdirmek, Türkmenistany Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag çatryklarynyň merkezleriniň birine öwürmek ýurdumyzyň maýa goýum ösüşiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz täze bazarlara işjeň çykýar. Ýewropada, Aziýada, Amerika yklymynda hyzmatdaşlar bilen goşulyşmak işlerini ösdürýär. Türkmenistan howa gatnawlarynyň, Halkara howa menzilleriniň, şeýle hem demir ýol ugurlarynyň, şol sanda TRAСECA üstaşyr geçelgesine goşulmak arkaly, ulag düzüminiň ösen ulgamyna eýedir.
Hazar deňziniň kenarynda, Türkmenbaşy şäherinde ösen infrastruktura hem-de logistika eýe bolan Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanylýar.