«Toyota Yaris 2024» tanyşdyryldy
06 Mart
«Toyota Yaris 2024» tanyşdyryldy

«Toyota» kompaniýasy «Yaris» markasynyň Ýewropanyň bazary üçin täzelenen nusgasyny tanyşdyrdy. Täze model saýlamak üçin gibrid güýjüniň iki görnüşini hödürleýär.

Öňden belli bolup, 114 at güýjüni utgaşdyrýan gibrid gurnamadan başga-da, täzelenen «Toyota Yaris» 129 at güýjüni ösdürýän hereketlendiriji bilen has kuwwatly nusgany emele getirýär. Öndürijiniň berýän maglumatlary kuwwaty 129 at güýjüne barabar bolan hereketlendirijiniň 9,2 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip biljekdigini tassyklaýar.

Awtoulag 7 ýa-da 12,3 dýuým sanly gural paneli bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam 10,5 dýuým duýgur ekrany we «GR Sport», «Excel» we «Premiere Edition» derejelerinde ses dolandyryşyny goldaýan täze «Toyota Smart Connect +» multimediýa ulgamyny öz içine alýar.

Ulagda ýerleşdirilen enjamlaryň üstüni täze kameralar bilen üpjün edilen radar, çaknyşygy azaltmak ulgamy, işjeň sürüjä kömek toplumy, awtomatiki saklaýjy, yzky oturgyçlardaky duýduryş tehnologiýasy, beýleki uýgunlaşdyryjy dolandyryş bölümleri we birnäçe işjeň howpsuzlyk hem-de sürüjä ýardam beriji bölekler ýetirýär. «Safe Exit Assist» ulgamyny we beýleki bir ulag arkadan ýakynlaşanda awtoulagyň gapysynyň tötänleýin açylmagynyň öňüni alyjy tehnologiýany hem ulagyň özboluşly aýratynlyklarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Angliýada 114 at güýjüni özünde jemleýän gibrid dwigateli bolan «Icon» nusgasynyň bahasy 22 630 funt sterlingden başlanýar. Beýleki nusgalaryň bahalary bolsa 28 925 funt sterlinge ýetýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem