Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew Brýusselde birnäçe işewür duşuşyklary geçirdirler diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Gibrid görnüşinde geçen çärä gatnaşyjylar energetika, maýa goýum we söwda ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, eksport we maýa goýum boýunça Wallon agentliginiň ýolbaşçylary hem-de Philips we Picanol kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.
Mämmethan Çakyýew Antwerpen deňiz portunyň ýolbaşçylary we Cargolux, Exagon Global BV, Royal IHC, şeýle-de DEME kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy.
Gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle-de, Türkmenistanda Ýewropa kompaniýalarynyň hyzmat merkezlerini açmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirip, işewürlik we maýa goýumlar üçin hukuk gurşawyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny bellediler.