Ilkinji «Exeed» miniweni tanyşdyryldy
20 Aprel
Ilkinji «Exeed» miniweni tanyşdyryldy

«E08» — «Exeed» kompaniýasynyň Ýewropadaky we Şanhaýdaky toparlarynyň bilelikde döreden ilkinji modeli. Ulagy işläp taýýarlan hünärmenler täze önümiň «Exeed» tarapyndan hödürlenen «ýel estetikasy» dizaýn konsepsiýasynyň mirasydygyny we Gündogar hem Günbatar medeniýetleriniň düýp manysyny utgaşdyrýandygyny öňe sürýärler. Awtoulagyň öň tarapynyň bezegi maşgala ulaglary üçin niýetlenen «Cyber Butterfly» dizaýnyndan ylham alnyp taýýarlanyldy. Onuň bu tarapy «Phoenix Feather Butterfly Face» diýlip atlandyrylýar. Bezegiň ýene bir bölegi bolsa günbatar nusgalaryndan alyndy. Kompaniýanyň resmi wekilleri täze ulagyň üçünji hatara dessine geçmegi üpjün edýän uly gapylaryň innowasion dizaýnynyň bardygyny aýtdylar. Bu ýolagçylaryň ulaga münmegini we düşmegini has aňsatlaşdyrýar. Häzirki wagtda «Exeed Motors» ýangyç, gibrid we elektrik modellerini öz içine alýan alty nusgany çykardy. Awtoulag aýyň ahyrynda Pekin awtoulag sergisinde görkeziler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem