Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy. Aurus Senat premium sedanyň binýadynda döredilen bu awtoulag özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol üç sany elektrohereketlendiriji bilen üpjün edildi. Hereketlendirijileriň biri awtoulagyň öň tarapynda, ikisi bolsa yz tarapynda ýerleşdirildi. Olaryň her biriniň kuwwaty 340 at güýjüne deň bolup, jemi 1020 at güýji sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 4 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär. Wodorod ýangyjy 700 atmosfera basyş güýji bilen 8 kilograma çenli gazy özüne sygdyryp bilýän üç sany ballonlarda saklanylýar. Munuň özi awtoulaga ýangyç guýmazdan 870 kilometr aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Ilkinji wodorod awtoulagy hökmünde NAMI Hydrogen 2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Ýelabuga şäherinde Aurus zawodynyň açylyş dabarasynda tanyşdyryldy. Şondan bäri institut bu awtoulagyň üç görnüşini çykardy we olar häzirki wagtda synagdan geçirilýär.