2024-nji ýylyň Pekin awtoulag sergisinde ilkinji gezek görkezilen «Stelato S9» premium sedany «Huawei» bilen «BAIC BluePark» («BAIC Auto» kompaniýasynyň mirasdüşeri) kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň miwesidir. Işläp düzüjiler bu ulagyň «Mersedes-Benz S-Class» we «BMW 7-Series» ýaly premium bäsdeşlere garşy çykmak üçin döredilendigini tassyklaýarlar. Uly elektrik sedanynyň ölçegi 5160 x 1987 x 1486 mm, tigir binýady 3050 mm, agramy bolsa 2366 kg barabardyr. «Huawei» kompaniýasynyň maglumatlarynda «S9» ulagynyň ýeke ýa-da goşa hereketlendirijili görnüşlerde hödürlenjekdigi aýdylýar. Bir hereketlendirijili nusga 227 kWt barabar bolan kuwwata daýanýar, goşa hereketlendiriji görnüş bolsa 227 kWt güýje eýelik edýän arka hereketlendirijini 158 kWt barabar bolan öňki dwigatel bilen utgaşdyrýar. «Stelato S9» CATL batareýalaryndan peýdalanar. «Stelato S9» kysymly ulagyň dizaýny «Huawei» we «Chery» tarapyndan döredilen «Luxeed S7» awtomobilinden alnandyr. Has kämil aerodinamikasy üçin aýnalaryň we gizlin gapy tutawaçlarynyň ýerine kameralar ulanylar. Awtoulag 21 dýuýmlyk köp sütünli tigirlere eýe boldy. Awtoulag gara, ak, gyzyl we altynsöw reňklerde hödürlener. «Stelato S9» «Huawei xPixel» çyralar ulgamyna, lidar datçiklerine, «HarmonyOS 4» bilen işleýän uly merkezi dolandyryş ekranyna, 50 Wt kuwwatly simsiz goşa energiýa beriş enjamlaryna we kaşaň deri bezegine eýelik eder.