Infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki we ösdürmekdäki çaprazlyk
11 Maý
Infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekdäki we ösdürmekdäki çaprazlyk

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň esasy meselesi geçirijilik mümkinçiligi bilen ýük daşamaga islegiň arasyndaky çaprazlyk bilen baglydyr. Mahlasy, bu ugur üçin häzirki maýa goýumlaryň möçberiniň takmynan 17 milliard dollar bolup, 2040-njy ýyla çenli bary-ýogy 40 million tonna geçirijilik mümkinçiligini üpjün etjekdigini «N.Trans Labyň» esaslandyryjysy Mariýa Nikitina belledi. Ol bu sözleri Hazar sebitiniň «Viva Consult» tarapyndan Astrahanda gurnalan «Hazar sebitiniň logistikasy» III halkara forumynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan «Hazar sebitiniň ulag-logistika mümkinçilikleri» sessiýasynda aýtdy. Şol bir wagtyň özünde hem, spikeriň çaklamalaryna görä isleg 2030-njy ýyla çenli 50 million tonna, 2040-njy ýyla çenli 75 million tonna bolar.

M.Nikitinanyň pikiriçe, «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesini işjeň ösdürmek üçin demir ýol logistikasyna üns bermeli.

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi üçin wagt we ykdysady talaplara laýyk gelýän çözgüt, Russiýa bilen Pars aýlagynyň iň uly Eýran portlarynyň arasynda 1520 mm ölçegdäki standart demirýol ölçegi görnüşindäki üznüksiz logistikany ösdürmek bolup biler» — diýip, Nikitina nygtady.

Häzirki wagtda bu geçelgäniň ähli ugurlary boýunça bar bolan esasy çäklendirmeler ýurtlar we sebitler boýunça infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde we ösdürmekde dörän çaprazlykdyr. Adaty mysallardan birini ýatlap geçsek, bu uzynlygy 167 km we bahasy 2 milliard dollar bolan Reşta-Stara demir ýol böleginiň gurluşygydyr» — diýip, M.Nikitina belledi. — Geçirijilik kuwwaty 15 million tonna çenli boljak bu bölüm işe girizilenden soň, has möhüm meseleleriň we möhüm çäklendirmeleriň päsgelçiliklerine duçar bolarys. Hususan-da, bu Azerbaýjandaky Samur (8 million tonna) we Astara (13,6 million tonna) demir ýol gözegçilik nokatlarynyň, şeýle hem Russiýadaky Derbentiň (8 million tonna) gaýtadan işleýiş kuwwatynyň ýeterlik däldigi, şol bir wagtyň özünde hem, kuwwaty 10 million tonnadan geçmeýän elektrikleşdirilmedik Alýat – Astara bir ugurly bölümiň pes tehnologiki binýady bilen bagly bolar — diýip, «N.Trans Labyň» esaslandyryjysy sözüniň üstüni ýetirdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem