2023-njiýylyň 19-njy ýanwarynda, günüň ikinji ýarymynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumlarynyň özara hyzmatdaşlyk ugurlary we ösüşi» ady bilen tegelek stol maslahaty geçirildi. Oňa iki döwletiň ulag edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stol maslahatynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikirleri alyşdylar we täze mümkinçilikleri orta atdylar.
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Merdan Bäşimow öz çykyşynda Türkmenistanyň häzirki wagtda logistik düzümi kämilleşdirmäge uly üns berýändigini, şunuň bilen baglylykda, ýükleriň üstaşyr geçirilişiniň möçberini artdyrmak, eksport-import ýüklerini artdyrmak babatda uly işleriň geçirilýändigini belledi. Türkmenistan bilen Russiýany demir ýol arkaly baglanyşdyrýan «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag ugrunyň gündogar şahasy şeýle möhüm ulag ugurlarynyň biridir. Iki döwletiň arasynda ulag pudagynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu halkara ulag geçirijisi arkaly ýük dolanyşygyny işjeňleşdirmäge ýardam eder.