Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap sergisi geçirildi
15 Maý
Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap sergisi geçirildi

Afişa

Tenderler

Watan habarlary

Täleýnama

Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap sergisi geçirildi

SalamNews

Jemgyýet/Medeniýet

1 sagat öň

11-nji maýda Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy açyldy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Hökümeti we Daşoguzyň Amerikan burçy tarapyndan guralan çärede edebiýatyň birleşdiriji wezipesine ähmiýet berildi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleniň geçildi.

Bu çäräni açmak üçin Daşoguza gelen ilçi Mettýu Klimow: «ABŞ-nyň ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde bu kitap ýarmarkasyny geçirmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekden hoşallyk duýýar — diýip, belledi. — Gowy kitap — bu ýoldaş, biziň wepadar dostumyz ýaly» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şeýle hem Ilçi Klimow ABŞ-nyň ilçihanasynyň adyndan kitaphana minnetdarlyk nyşany hökmünde iňlis dilini öwrenmek boýunça okuw gollanmalarynyň ýygyndysyny gowşurdy.

Ýarmarkanyň dowamynda ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan türkmen diline terjime edilen amerikan edebiýatynyň birnäçe nusgawy eserleriniň sergisi hem boldy. Häzirki wagta çenli ABŞ-nyň ilçihanasy amerikan edebiýatyndan 14 sany nusgawy eseriň iňlis-türkmen görnüşlerini çap etdi. Bu bolsa şol eserleri türkmen okyjylary üçin has elýeterli edýär.

Dowam edýän başga bir kitap hyzmatdaşlygynyň çäginde «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy» (AFCP) maksatnamasy bolup, häzirki wagtda Magtymgulynyň döwrüne degişli birnäçe golýazmalary dikeltmek üçin iş alnyp barylýar. Bu hyzmatdaşlygyň hemmesi ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy dowam etdirýän edebiýat, arheologiýa, aýdym-saz we beýleki ugurlar boýunça işjeň alyş-çalşygyň üstüni ýetirýär.

Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem