Gazagystan bilen serhetýakada ýerleşýän "Garabogaz" gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işine şu ýylyň ýanwar aýynda başlamak göz öňünde tutulýar.
Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak işi onuň ýerleşýän çägini giňeltmegi, ýagtylandyryş ulgamynyň täzelenmegini we geçirijilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Taslamanyň çäklerinde gümrük nokadynyň edara ediş binasyny döwrebaplaşdyrmak, barlag-gözegçilik enjamlaryny - awtoulaglar üçin rentgen enjamyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň başynda başlamak we ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy serhetden üstaşyr geçmek üçin sarp edilýän wagty azaldar, şol sanda gümrük resminamalaryny resmileşdirmek we awtoulag serişdelerini barlamak işini ýeňilleşdirer.
Çeşme : Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi