Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde bitewi platforma arkaly elektron resminamalaryň berilmegi bilen multimodal gatnawlary synagdan geçirmegiň ilkinji ugurlary görkezildi. Russiýa Federasiýasynyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryndan görnüşi ýaly, synag taslamasy içerki we halkara ugurlarda, şol sanda Hytaý, Wýetnam we Hindistan bilen amala aşyrylar. Umuman, azyndan 12 ugur synagdan geçirilmeli. Onuň netijesi ähli ulag görnüşlerini birleşdirjek Milli sanly ulag we logistika platformasynyň işe girizilmegi bolar.
Şeýlelik bilen, bitewi elektron resminama akymyny barlamak üçin ilkinji ýollar aşakdaky ugurlar bolar: «Hindistan (Mundra) – Russiýa (Moskwa)», «Wýetnam (Hoşimin) – Russiýa (Moskwa)», «Russiýa (Irkutsk oblasty) – Hytaý (Şanhaý)», «Wladiwostok-Sahalin» we «Tula oblasty – Noworossiýsk».
Sanly ulag we logistika assosiasiýasynyň direktory Polina Dawidowanyň düşündirişi ýaly, bu ugurlardaky synaglar dürli ulag usullary arkaly maksatlaýyn ädimler bilen amala aşyrylar.