"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Aşgabatdaky "Ýolagçy" awtoulag kärhanasy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy öz işine başlady
06 Awgust
Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy öz işine başlady

Şu gün Türkmenistanda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy öz işine başlady.

Foruma milli ykdysadyýet we maliýe, senagat we energetika ministrleri, nebit-gaz, himiýa, ulag we logistika kärhanalarynyň we birleşikleriniň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň senagatçylar we telekeçiler kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri gatnaşýar.

Umuman, foruma 150 wekil gatnaşdy.

Forumyň maksatnamasy wekilleriň aşakdaky mowzuklar boýunça çykyşlaryny öz içine alýar:

«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda, ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri»;
«Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary»;
«Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk».
Forumyň çäginde ikitaraplaýyn gepleşikleriň we söwda we ykdysady ugurda, energiýa we senagatda hyzmatdaşlyga degişli resminamalara gol çekişlik dabarasyna garaşylýar.

Şeýle hem