"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Aşgabatdaky "Ýolagçy" awtoulag kärhanasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçary synagdan geçirdi
01 Awgust
Türkmenistanyň Prezidentiniň harby uçary synagdan geçirdi

Bu sebitde iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ilki bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiz säheriň sergin çagynda pyýada gezelenç etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy netijesinde ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen giň gerimli işler geçirilýär, olar oňyn netijesini-de berýär. Bu gün halkymyz bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanýar, munuň özi adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, olary täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz pyýada gezelençden soňra, birsellem welosiped sürdi. Soňky ýyllarda ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hasaplanylýan welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany artdy. Sportuň bu görnüşi, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda has meşhur bolup, milli Liderimiziň asylly başlangyçlarynyň raýatlarymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlaryň ýanyna geldi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gelip gowşan döwrebap tehnikalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, harby uçarlar, olaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimize täze uçarlaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanyş maksatlary barada gürrüň berildi.

Milli Liderimiz harby uçarlaryň we beýleki söweş tehnikalarynyň tehniki aýratynlyklary barada maglumat berýän çyzgylary, şekil taslamalaryny we degişli suratlary synlady. Garaşsyz Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň maddy-tehniki taýdan üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine doly gabat gelýän Türkmenistanyň Harby doktrinasynda eziz Diýarymyzda parahatçylygyň, asudalygyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagy esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi. Goşunlaryň dürli kysymlarynda sazlaşykly hereketleri işläp taýýarlamak maksady bilen, harby-taktiki okuwlar geçirilýär. Olar harby gullukçylaryň hünär derejesini, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem-de üpjünçilik taýdan häzirki zaman derejesine laýyklykda kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin aňrybaş şertleri döretmek, goşunlaryň ähli kysymlary üçin ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň gullugyna öňdebaryjy tejribäni, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň möçberli harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň netijesidir. Bu bolsa özygtyýarly, kuwwatly, oňyn Bitaraplyk syýasatyna, ähli ýurtlar bilen parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyna ýardam edýär.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi. Döwlet Baştutanymyz harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi. Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi. Sanlyja salymda döwlet Baştutanymyzyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzda parahat, asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýar. Ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ýerüsti, deňiz we asman giňişligi boýunça ygtybarly goragyny üpjün edýän kämil tehnikalar, harby edaralaryň şahsy düzüminiň birkemsiz gulluk etmegi üçin döredilýän şertler halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmeginiň, abadan durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilýär.

Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby uçar asman giňişliginde uçuş ugruny dessin üýtgetmäge, görkezme-aňtaw uçuşlaryny amala aşyrmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek, Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragyny üpjün etmek, aňtaw işlerini geçirmek, gury ýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin täze harby uçarda zerur mümkinçilikleriň jemlenendigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň erk edýän harby uçary asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirýär. Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir. Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy.

Häzirki zamanyň iň kämil tehnikalary, harby-söweşjeň uçarlar bilen üpjün edilen milli goşunyň düzümleri öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Harby gullukçylaryň gulluk şertleriniň gowulandyrylmagyna, öňdebaryjy tehnikalary dolandyrmakda olaryň ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa harby gullukçylaryň ýokary ussatlygyny üpjün etmegiň kepili bolup durýar.

Täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran milli Liderimiz söweşjeň tehnikany ussatlyk bilen gondurdy. Bularyň hemmesi Watanymyzyň howa giňişliginiň ygtybarly goragynyň üpjün edilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň asuda durmuşda ýaşaýandygyna şaýatlyk edýär.

Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow we goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyny şowly geçen synag uçuşy bilen gutladylar.

Goranmak ministri hormatly Prezidentimizden täze harby uçarda synag uçuşyny amala aşyran pursadynda geýen uçarman lybasyny paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň muzeýinde goýmaga ygtyýar bermegini haýyş etdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu teklibi oňlap, harby uçarman lybasynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze guruljak binasynyň muzeýinde goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz harby uçarman lybasynyň harby gullukçynyň hünärini saýlap alan ýaşlaryň maksada okgunlylyk, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmeginde, şöhratly pederlerimiziň däplerine aýawly garamakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän täze uçaryň tehniki taýdan ýokary görkezijilere eýedigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu harby uçar islendik howa şertlerinde, dürli belentlikde, islendik ýerde — daglyk, düzlük ýerlerde ýa-da deňziň üstünde erkin uçmaga ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goşunyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, täze döwrebap harby tehnikalarynyň satyn alynmagy üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada ediljekdigini aýdyp, bar bolan tehnikalary netijeli ulanmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanyljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýygnananlara gullukda üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.

Şeýle hem