«Türkmendemirýollary» agentliginde hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
05 Oktýabr
«Türkmendemirýollary» agentliginde hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý senesi mynasybetli halkymyza sowgat beren «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly dürdäne kitaby barada çykyş edenleriň ählisi diýen ýaly, bu eseriň halkymyzyň geçmişi, ýagty şu güni we nurana geljegi barada taryhy maglumatlary, fotosuratlary, ýylýazgylaryny özünde jemleýändigini öwran-öwran nygtadylar.

Täze kitap 13 bölümden ybarat bolup, olaryň her biriniň «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Bazary baryň baýlygy bar» diýip şahyrana atlandyrylmagy milli Liderimiziň sözüň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna juda uly sarpa goýýanlygyndadyr. Ilkinji bölümlerini açyp, okap ugranymyzda biz, dogrudanam, hormatly Prezidentimiziň atlandyryşy ýaly, «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy» bilen goraglydygymyza, bagtlydygymyza düşünýäris.

Ata-babalarymyzyň öňe çykaran — Oguz han atamyz , Görogly beg Türkmen ýaly gerçeklerimiz, Magtymguly Pyragy, Seýdi, Zelili, Kemine, Mätäji, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlarymyz öz eserlerinde, işlerinde özbaşdak döwlet bolmagy arzuwlap gidipdirler. «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitap ata-babalarymyzyň keramatly kelamlaryny «Budur türkmen binasy!» diýmek bilen dünýä ýaýýar. Indi özerkli türkmen «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy» bilen özüni ygtybarly, durmuşyny abadan saýýar. Türkmeniň watansöýüjilik, dost-ýara wepalylyk ýaly häsiýetleri, milli gymmatlyklary gadym döwürlerde dünýä ýaýrapdyr. Gerçek ogullar at segredip, giň jahana aýlanyp, «Ýurt tutmagy türkmenden öwreniň!» diýdirip bilipdir.

Gözellige düşünýän, saz-söhbede gadyr goýýan türkmen şeýdip, nepis halylaryny, bedew atlaryny, alabaý itlerini, saryja goýnuny, arwana düýesini, milli senetçiligini ösdüripdir. Döwlet gurup, at gazanan, gözellik döredip şöhratlanan halkymyzyň taryhy-da, şu güni-de nusgalykdyr.

«Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly neşirde Alp Arslan, Mälik şa, Muhammet Togrul beg, Baýram han ýaly Watan ogullarynyň paýtagtymyzda dikeldilen heýkelleriniň suratlarynyň berilmegi ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň mizemez ýoludyr.

Bulardan başga-da, her bir raýatymyz üçin gymmatly gollanma boljak neşirde Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan ajaýyp desgalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, söwda we dynç alyş, medeniýet, saglyk merkezleriniň reňkli suratlary ýerleşdirilipdir.

«Dil bilen dana» diýýän halkymyzyň wesýetleri kitapda öz manysyna eýe bolupdyr. Neşiriň türkmen, rus we iňlis dillerinde bolmagy diňe bir öz halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň oňa bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Dabaraly çäräniň soňunda oňa gatnaşyjylar ajaýyp toý sowgady üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Şeýle hem