Baýramçylyk mynasybetli paýtagtda jemgyýetçilik ulaglary bezeldi
Aşgabatda şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslary Aşgabat ýolagçy awtoulag kärhanasynyň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna ýörite bezeldi.
Açyk gök hem-de öwüşginli ýaşyl reňkde ýazylan gutlag sözleri awtobuslaryň gyralarynyň ak fonunda uzakdan görünýär, şeýle-de bu ýazgylar şähere görk berýän köp sanly ajaýyp bezegler bilen birlikde baýramçylyk ruhuny döredýär.
Mundan başga-da, 31-nji dekabrda hem-de 1-nji ýanwarda Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň tölegsiz bolýandygyny bellemelidiris.
Şeýle hem
//=YII::t('app','Similar')?>