«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi
15 Aprel
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi

14-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň başlygy we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, wise-premýerler hem-de sebit administrasiýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleriň Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemek ugrunda görülýän çäreler barada hasabatlaryny we sebit administrasiýalarynyň ýolbaşçylary oba hojalygy boýunça işleri guramaçylykly geçirmek üçin görülýän çäreler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk işleri barada hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Balkan wlaýatynyň durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmak üçin işleriň dowam etdirilmelidigini belledi. Şeýle hem Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynda gözleg-seljeriş işlerini çaltlandyrylmak, täze ýataklary tapmak we özleşdirmek, bu ýerlere hususy pudagy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça degişli işleri alyp barmak babatda tabşyryk berdi.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda içerki bazary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat we gurluşyk önümleri bilen doldurmagyň hem-de Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlarynyň Sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň meselelerine garaldy.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan medeni çärelere taýýarlyk görmek, 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyny we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada aýratyn görkezmeler berildi.

Şeýle hem Balkan welaýatynyň «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda ylmy-amaly maslahaty hem-de Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri – dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde» atly halkara ylmy duşuşygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda ýörite görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ýerde hyzmatlar ulgamyny ösdürmek we tomus möwsüminiň ýakynlaşýandygyny göz öňünde tutup, ulular we çagalar üçin dynç alyş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem