Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
19 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine iş saparlarynyň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedowa ýüzlenip, Mary welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini senagat, himiýa we oba hojalyk pudaklarynyň emele getirýändigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak we täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmalydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde gurulýan desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa Mary welaýatynyň tebigy baýlyklaryny we gorlaryny netijeli ulanmak üçin ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň alyp barýan işlerini, önümçilik ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň edara-kärhanalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri dowam etdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, elektrik energiýasynyň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň we gurluşyk önümçiligine degişli beýleki harytlaryň, mineral dökünleriň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz içki bazarlaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan senagat önümleri we gurluşyk harytlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, innowasion tehnologiýalara esaslanýan we ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny özünde jemleýän täze önümçilikleri ýola goýmak, şeýle hem elektron senagatynda häzirki zaman önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyny we azyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagy Mary welaýatynyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hatarynda kesgitläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk we netijeli ulanylmagynyň gazanylmalydygyny belläp, halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylygy ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, halkara tejribeden ugur alyp, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmalydygy, iri suw geçirijileri, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlarynyň ornaşdyrylmalydygy hem-de suw tygşytlaýjy usullaryň giňden ulanylmagynyň üpjün edilmelidigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyndaky ileri tutulýan wezipelere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ünsüni çekip, welaýatyň bilim edaralarynyň okuw kitaplary we gollanmalar, ähli dersler boýunça mugallymlar bilen ýeterlik üpjün edilmegini, bilim edaralarynyň abatlaýyş, abadanlaşdyryş işleriniň öz wagtynda geçirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okatmagyň täze usullaryny, häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek, sanly ulgam bilen baglanyşykly okuw-usulyýet işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmegiň aýratyn zerurdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyna dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, bu ugurda halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ýer we suw serişdelerini tygşytlamakda täzeçil tehnologiýalary öwrenmek boýunça daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly hem-de bäsleşige ukyply şertleri döretmek arkaly ýolagçy we ýük gatnawlarynyň ösüş depginini artdyrmak, ýurdumyzyň, hususan-da, Mary welaýatynyň multimodal üstaşyr mümkinçiliklerini doly peýdalanmak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, bazarlaryň hem-de beýleki söwda nokatlarynyň dürli önümler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, şunda bar bolan önümçilikleri netijeli ulanmak, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Önüm öndürijileriň netijeli işini ýola goýmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz medeniýet edaralarynda zerur bolan işleriň ýola goýulmagyny üpjün etmegi, abatlaýyş we durkuny täzeleýiş işlerini wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk pudagynyň işiniň döwrebap derejede guramak, haryt bolçulygyny döretmek, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle hem