Halkara derejesinde geçirilen “Ýüpek ýoly” ralli marafonynda çykyş eden türkmen türgenleri baýrakly orunlary eýelemek bilen Aşgabat şäherine gaýdyp geldiler. Olaryň hatarynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň sürüjileri Merdan hem-de Şöhrat Toýlyýewler marafonda ýokary netijeli ýeňiş gazandylar.
Türkmen sürüjileri agyr ulaglaryň gatnaşmagynda «1000 km-den gowrak T2» ýaryş tapgyry boýunça ilkinji gezek ýeňiş gazandylar. Olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren interwýularynda belleýişleri ýaly, türgenler üçin ýaryşyň bütin dowamy boýunça «Groznyý — Elista» ýolunyň çylşyrymly bolup, bu ýoly olar mehaniksiz geçmeli bolupdyrlar.
Esasy bellemeli zatlaryň biri, Türkmenistanda ýaryşa gatnaşan Nissan Patrol awtoulagyndaky ekipaž 6 — 16-njy iýul aralygynda geçirilen «Ýüpek ýoly» ralli marafonynda ähli baýrakly orunlary eýeledi.
Sürüjiler ýaryşda Astrahan şäherinde badalga alyp, Moskwanyň «Lužniki» stadionyna çenli aralygy geçdiler.