12—16-njy iýun aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 26-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Nygtalyşy ýaly, duşuşygyň dowamynda Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek, TRACECA halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçiliklerine degişli meseleleriň giň toplumyna garamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, biziň ýurdumyzyň bar bolan ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna işjeň gatnaşýandygyny belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda degişli tabşyryklary berdi.