Awtoulag sürüjileriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi
05 Iýun
Awtoulag sürüjileriň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilelikde «Döwrüň bagtyýar, ýolum ygtybar» atly hünär bäsleşiginiň döwlet derejesiniň jemleýji III tapgyry geçirildi.

Oňa Aşgabatdaky awtoulag kärhanasynyň, «Ahalawtoulag», «Daşoguzawtoulag,» «Lebapawtoulag» hem-de «Maryawtoulag» önümçilik birleşikleriniň, Balkan awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň ezber sürüjileri gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtoulaglar we ýol hojalygy işgärlerini öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmaklyga ugrukdyrmak, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, bellenen sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmak, şeýle-de, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny dabaralandyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Bäsleşigiň dowamynda awtobuslaryň, ýeňil, ýük awtoulaglarynyň sürüjileri öz kesbinden ökdelik bilen baş çykarýandyklaryny subut etdiler. Olar awtoulaglaryň gurluşy, oňa hyzmat edilişi we ýol hereketiniň düzgünleri, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Hünär bäsleşiginiň ýurt boýunça jemleýji III tapgyrynda her görnüş boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat haty we sylaglary hem-de höweslendiriji sowgatlary gowşuryldy.

Şeýle hem