Türkmenistanda Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 2750 adam ses berdi
18 Mart
Türkmenistanda Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna 2750 adam ses berdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlaryna Türkmenistandan ýerli wagt bilen 20:00-a çenli 2750 adam ses bermäge gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Metbugat gullugyna salgylanyp TASS ýazýar.

Umuman alanyňda, 17-nji martda Türkmenistanda jemi bäş sany — Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Türkmenbaşyda saýlaw uçastoklary hereket etdi.

Ilçihana Russiýa Federasiýasynyň ähli raýatlaryna ses berişlige gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we ähli saýlaw uçastoklarynda mähirli, dostlukly ýagdaýyň höküm sürendigini belläp geçdi. Diplomatik gurama, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini we özara düşünişmegiň çuň derejesini ýene bir gezek tassyklaýan saýlawlary guramakda beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi — diýlip, habarda bellenilýär.

Çeşme: «Turkmenportal»

Şeýle hem