Brýusseldäki tegelek stol: Hazaryň üstünden uzaýan ulag geçelgesi we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler
22 Maý
Brýusseldäki tegelek stol: Hazaryň üstünden uzaýan ulag geçelgesi we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler

Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazaryň üstünden uzaýan ulag geçelgesinden peýdalanmak boýunça tegelek stol geçirildi. Bu çärä Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçylary, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ulag meselesi boýunça Baş direktorlygynyň hem-de Ýewropanyň daşary aragatnaşyk gullugynyň we Bileleşiginiň beýleki institututlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň hem-de Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika boýunça dürli guramalarynyň agzalary wekilçilik etdiler.

Gatnayjylar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjy we Orta geçelgäniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşygynyň durnukly ösüşindäki ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Bu geçelgäniň, esasan hem, beýleki ugurlarda ýüze çykan şertler sebäpli, sebitdäki söwdanyň durnuklylygyna we ösmegine ep-esli goşant goşup biljekdigi tassyklandy.

Hazaryň üstünden uzaýan geçelge diňe bir Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky yklymara baglanyşyk hökmünde däl, eýsem, Türkiýäniň, Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň arasynda sebit söwdasyny goldamak hem-de üpjünçilik zynjyrlaryny herekete getirmek üçin hem ähmiýetli serişde hasaplanylýar.

Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň täze düzüminiň Hazaryň üsti bilen uzaýan geçelgäniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm orny eýelejekdigi bellenildi. Wodorod, gün we ýel energiýasyna gönükdirilýän täze maýa goýumlar söwdany ösdürýär we üpjünçilik zynjyrlarynyň has-da kämilleşmegini talap edýär. Şunlukda, Merkezi Aziýadaky ulag taslamalary üçin utgaşdyryjy mehanizmiň döredilmegi Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşygy gowulandyrmalydyr.

Türkmenistanyň ilçisi ýurduň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin Hazaryň üstünden uzaýan ulag geçelgesini ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ol Türkmenistanyň ulag infrastrukturasyna gönükdirilen uly möçberdäki maýa goýumlara hem-de geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, ýurduň strategiki ähmiýetine we bu ugurdaky ornuna ünsi çekdi. Türkmenistan 2015-nji ýyldan bäri ýollaryň, demir ýollaryň, howa menzilleriniň we deňiz portunyň gurluşygyna 15 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. 2018-nji ýylda 1,5 milliard dollar maýa goýlan we häzirki zaman terminallary arkaly 25 million tonna barabar dürli ýükleri dolandyrmak mümkinçiligine eýe bolan Türkmenbaşy halkara deňiz porty işe girizildi.

Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek we port dolandyryşyna öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak üçin ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Ýurduň çäginde hem-de sebitleriň arasynda 5000 ygtybarly ulag aragatnaşygy üpjün edip, 5000 kilometrden gowrak demir ýol döwrebaplaşdyryldy.

Uzynlygy 600 km töweregi bolan Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyry tamamlandy. Munuň özi harytlaryň üstaşyr daşalmagyny ep-esli çaltlandyrar we sebit ulag aragatnaşygyny kämilleşdirer. Ilçi Türkmenistanyň ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara we forumlara işjeň gatnaşýandygyny aýtdy. Brýusseldäki maýa goýum forumynda Türkmenistan öz taslamalaryny hödürledi we halkara maýadarlaryň hem-de logistika kompaniýalarynyň ünsüni çekdi. Türkmenistan täze demir we awtoulag ýollarynyň gurluşygyny, şeýle hem «Global Gateway» başlangyjyna işjeň gatnaşmagy özünde jemleýän ulag infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmegi meýilleşdirýär

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi


Şeýle hem