Aşgabatda 80-nji belgili täze awtobus ugry işe girizildi
31 Oktýabr
Aşgabatda 80-nji belgili täze awtobus ugry işe girizildi

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 80-nji «Teke bazar – Büzmeýin» täze awtobus ugrunyň açylýandygyny Siziň dykgatyňyza ýetirýär:

  • 80-nji «Teke bazar - Büzmeýin» awtobus ugry “Teke bazar” belleniş nokadyndan ugraýar, M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – Görogly köçe – Büzmeýin şaýoly – Senagat köçesi bilen hereket edip «Büzmeýin» belleniş nokadyna barýar we yzyna aýlanyp, Senagat köçe – Büzmeýin şaýoly – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91, 44-33-59/40

Şeýle hem