Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
23 Aprel
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler

Gazagystanyň ulag we logistika kompaniýasy “KTZ Express”, Russiýanyň “RŽD Logistika” we “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen bilelikdäki kärhanany döretmek barada Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Gazagystanyň “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) milli demir ýol kompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak arkaly “Biznes Türkmenistan” internet neşiri habar berýär.

Bilelikdäki kärhananyň maksady Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýeke-täk logistika operatoryny döretmek bolup durýar.

Ähtnama “KTZ Express” kompaniýasynyň Baş direktory Kaýrat Utýapow, “RŽD Logistika” kompaniýasynyň Baş direktory Dmitriý Murýew we Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory Merdan Bäşimow gol çekdiler. Bu resminama “TransRussia 2023” atly ulag we logistika hyzmatlarynyň 27-nji halkara sergisiniň çäginde gol çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bäsdeşlige ukyply nyrhlary döretmek we Russiýanyň “Aksaraýskaýa” we “Ozinki”, Gazagystanyň “Bolaşak”, Eýranyň “InçeBurun”, Türkmenistanyň “Sarahs” serhet geçelgeleriniň üsti bilen Gazagystandan, Russiýadan, Türkmenistandan Eýrana, Hindistana, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna, Aziýa-Ýuwaş umman sebitine we yzyna harytlary “ bökdençsiz” daşamak üçin öz ygtyýarlyklaryny birleşdirmegi ylalaşdylar.

Şeýle hem