Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky 91 belgili kararyna laýyklykda, Russiýanyň we Belarusyň serhedindäki Lobok halkara barlag nokadyndan çäklendirilen önümleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligi döredildi. Degişli karara Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustin gol çekdi.
Russiýa Federasiýasynyň ygtyýarly möhürleýji operatory — «Sanly platformalary ösdürmek merkezi» kompaniýasy Lobok halkara barlag nokadynda elektron nawigasiýa möhürleriniň gurulmagyny we çäklendirilen önümleriň üstaşyr iberilişini yzarlamagy üpjün edýär.
Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2024-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndaky 91 belgili karary bilen Lobok halkara gözegçilik nokady çäklendirilen önümleri daşamak üçin Russiýa Federasiýasynyň çäginden üstaşyr geçýän giriş hem-de çykyş nokatlarynyň sanawyna goşuldy. Bu ugurda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2019-njy ýylyň 27-nji dekabryndaky 1877 belgili kararyna üýtgetmeler girizildi.
Lobok barlag nokady R-23 Sankt-Peterburg – Pskow – Pustoşka – Newel – Belarus Respublikasynyň serhedi awtomobil ýolunda ýerleşýär.
Çeşme: «Türkmenawtoulaglary agentligi»