Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini daşary ýurtlaryň Liderleri gutlaýar
18 Mart
Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini daşary ýurtlaryň Liderleri gutlaýar

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň adyna dünýä döwletleriniň Prezidentlerinden, premýer-ministrlerinden we iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan Gutlag hatlary gelýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al-Halifden, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri we Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaed Al-Nahaýandan, Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwaliden, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy wezipesini ýerine ýetiriji Molla Muhammad Hasan Ahundan, ÝHHG-niň baş kätibi Helga Şmidtden, RF-niň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkodan Gutlag hatlary gelip gowuşdy.

Şeýle hem saýlanan döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany uçarman-kosmonawt Oleg Kononenko, Liberal demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowkiý, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, HHR-yň Başlygy Si Szin Pin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we başgalar gutladylar.

Şeýle hem